«McDonald's» ABŞ-da fastfud tagamlarynyň koroly bolmaga bir ädim golaýlady, muňa onuň esasy bäsdeşi – «Subway» kompaniýasynyň ýurtda ýüzlerçe kärhanasyny ýapmagy sebäp boldy.
Häzirki güne çenli kompaniýalaryň soňkusy tutuş ýurtda 19 müňe golaý restorana eýelik etmek bilen, Ştatlarda ilkinji orunda durýardy. «McDonald'syň» bolsa 14 müňe golaý restorany bardy. Emma geçen ýyl «Subway» ümsümlik bilen öz iýmit nokatlarynyň 729 sanysyny ýapdy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
«Subway» kompaniýasynyň wekili iýmit nokatlarynyň sanynyň kemeldilmeginiň işewürlik strategiýasynyň bir bölegidigini gürrüň berdi. Tiz naharlar torunyň läheňi henizem ABŞ-da bu ugurda ilkinji orny eýeleýän bolsa-da, onuň nokatlarynyň kemeldilmegi kompaniýanyň ysgyndan gaçýandygyny görkezýär diýlip, habarda bellenýär.
Beýleki ugurdaş kompaniýalar ýaly, «Subway» müşderilerini elden gidermezlik üçin elýeterlilige ymtylýar. «McDonald's» bolsa, nyrh bilen hiliň sazlaşygy babatda öňdeligi eýeleýär. Onuň meşhurlygyna «Sausage McMuffin» ýa-da 4 bölek towuk etinden ybarat «McNuggets» tagamlaryny goşmak bilen, nyrhy 3 dollardan az bolam tagamlary ýardam edýär. Bäsdeşleriň ikisi-de ýaş müşderileri maýyl etmek üçin täze ýörite içgileri döretmäge ýykgyn edýärler.
«Subway» geçen ýyl müňden gowrak täze nokat açmak bilen, daşary ýurtlarda hyzmatyny giňeldýär. Golaý günlerde kompaniýa ýene 12 müň restoran açmakçy. Häzir onuň Ýewropany, Ýakyn Gündogary we Aziýany goşmak bilen, tutuş dünýäde 35 müňden geçýän iýmit nokady bar.