Turkmenportal logo
06.05.26
1554215542
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pakistanyň we Italiýanyň Türkmenistandaky ilçileri TOPH taslamasyny we sebit howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Martin Bruk Pakistanyň ilçisi Farýal Legari bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi diýip, Pakistanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habarynda bellenilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Pakistan bilen Italiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, TOPH (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) gaz geçirijisini amala aşyrmagyň geljegini, şeýle hem sebit howpsuzlygy babatdaky häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar.