Turkmenportal logo
06.05.26
1390713907
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arsenal» jogap ýarym finalynda «Atletiko» toparyny ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

Londonyň «Arsenal» topary jogap ýarym final duşuşygynda Madridiň «Atletiko» klubuny 1:0 hasaby bilen ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Duşuşyk «Arsenalyň»  öý stadionynda geçirildi.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 45-nji minutda Bukayo Saka geçirdi. Birinji oýunda toparlar 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

«Arsenal» üçin bu klubyň taryhynda diňe ikinji gezek Çempionlar ligasynyň finalydyr. Ilkinji gezek «Arsenal» 2005/06 möwsüminde aýgytlaýjy duşuşyga ýetipdi, emma şol wagt Ispaniýanyň «Barselona» toparyndan 1:2 hasabynda ýeňilipdi.

Finala gatnaşmaly ikinji klubyň ady çarşenbe güni belli bolar: Münhende Germaniýanyň «Bawariýa» we Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparlary duşuşar. Birinji oýnuň netijesine görä, Parižiň kluby 5:4 hasabyndaky ýeňşi bilen öňde barýar.

Çempionlar ligasynyň finaly 30-njy maýda Budapeştde geçiriler.