Turkmenportal logo
05.05.26
1575015750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Dubaý şäherinde «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Abdulkarim Al-Maazmi bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda energetika pudagyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýeti we onuň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gymmatlygy we sebit energetika ösüşine gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary has-da giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge we häzirki wagtda alnyp barylýan operasion işler üçin durnukly şertleri üpjün etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň ilçisi kompaniýanyň işiniň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegidigini belledi, kompaniýanyň ýolbaşçylary bolsa öz gezeginde institusional hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.