Balkan welaýat häkimligi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we Türkmenbaşy etrabyndaky deňiz suwuny süýjüdiji desgalaryň toplumlaýyn tehniki auditini geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde bellenilýär.
Audit iki desganyň: «Awaza» MSZ-ndaky gije-gündizde 35 müň kub metr we Türkmenbaşy etrabyndaky gije-gündizde 50 müň kub metr kuwwatlygy bolan suw süýjüdiji desgalaryň önümçilik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bäsleşige gatnaşmaga bellenen tertipde Türkmenistanda hasaba alnan ýerli we daşary ýurt kärhanalary hem-de kompaniýalary çagyrylýar.
Bäsleşik teklipleri şu salgyda kabul edilýär:
Balkanabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş toplumy, 14-nji jaý, Balkan welaýat häkimligi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(800222) 2-00-25, 2-00-55.