Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «Ýaşlaryň ylhamy» atly bäsleşigi hem-de Açyk gapylar gününi geçirdi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bäsleşige sazçylyk mekdepleriniň uçurymlary, şeýle-de 2026-njy ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlaýan uçurymlar gatnaşdy.
Bäsleşik dürli saz ugurlary boýunça geçirildi.
Jemi 174 talyp gatnaşyp, olaryň 6-sy I orna, 12-si II orna, 16-sy III orna mynasyp boldy.
35 talypa hormat diplomlary gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar we tomaşaçylar Açyk gapylar gününe, şeýle-de dürli hünärler boýunça mugallymlaryň ussatlyk sapaklaryna hem gatnaşdylar.