Turkmenportal logo
Şu gün 12:12
41334133
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara olimpiadalarda türkmenistanly mekdep okuwçylar we talyplar 800-den gowrak medal gazandylar

2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda okuwçylar, talyplar halkara ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, jemi 807 medal gazandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow habar berdi diýip, TDH ýazýar.

Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara olimpiadalaryň 6-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 7-si, mekdep okuwçylarynyň arasynda III Halkara matematika olimpiadasy geçirildi.

Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglar utgaşdyryldy. Lukmançylykda keselleriň öňüni almak, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatda işler dowam etdirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy.

Ýurduň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary jemi 169 medal gazandylar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag şäherinde we welaýatlarda medeni-sport çäreleri geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sport desgalaryny netijeli dolandyrmagy üns merkezinde saklamagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli ýaşlary ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.