Turkmenportal logo
01.05.26
159505159505
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Derman gutujygy, ýangyn söndüriji we gadagan çyralar: Türkmenistanda awtoulaglary ulanmakdaky düzgün bozmalary üçin jerimeler ýokarlandy

Apreliň soňky günlerinde Türkmenistanyň sürüjileriniň arasynda administratiw jogapkärçilik baradaky kanunçylyga girizilen üýtgetmeler işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Turkmenportal neşiriniň redaksiýasy nämäniň üýtgändigini we bu üýtgetmeleriň haýsy düzgün bozulmalaryna degişli bolandygyny jikme-jikseljermegi makul bildi. Gürrüň Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 2026-njy ýylyň 11-nji aprelindäki kanun bilen girizilen 211-nji maddasynadegişli üýtgetmeler barada gidýär.

Üýtgetmeler maddanyň bäş böleginiň ählisindediýen ýaly jerimeleriň ep-esli ýokarlandyrylmagyna getirdi.

Şeýlelikde, birinji bölege laýyklykda — abzallary, enjamlary we gurluşlaryň beýleki bölekleri enjamlaşdyrylmadyk ýa-da talaba laýyk oturdylmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy (aýna ýa-da yzky görnüş aýnalary,lukmançylyk derman gutusy, ýangyn söndüriji, heläkçilikli ýagdaýy görkezijibelgi, tigirleriň yza süýşmeginiň öňüni alýan serişdeler, şeýle hem motosikllerde howpsuzlyk egmeleri) üçin jerime 0,1-den bir binýatlaýyn mukdara çenli ýokarlandyryldy.

Ikinji bölege laýyklykda — ýol hereketine gatnaşýan sürüjiler tarapyndan motoşlýomlary ýa-da howpsuzlyk kemerini ulanmak kadalarynyň bozulmagy ýa-da ulag serişdesiniň ýolagçylarynyň bu kadalary berjaý etmegine gözegçilik edilmezligi — jerime 0,2-den bir binýatlaýyn mukdara çenli artdyryldy.

Iň uly üýtgetmeler üçünji bölege degişli boldy. Indi öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk närseler bilen üpjün edilen ulaglaryň ulanylmagy öňki birbinýatlaýyn mukdaryň ýerine iki binýatlyk mukdar möçberinde jerime bellenilýär. Şeýle enjamlaryň hataryna prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp ýa-da artdyrylyp goýulan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle hem bellenilen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryň ýüzüne tutulan dürli örtükler (muňa ulag serişdelerinde iki tarapynda yzy görüşdaşky aýnalary bolan we sürüjiniň oturan ýerinden töweregi görüşini çäklendirmeýän halatlary girmeýär) hem-de ulaga bildirilýän talaplaralaýyk gelmeýän tekerler girýär.

Dördünji bölege laýyklykda — üçünji bölekde görkezilenlerden beýleki dürli närseleriň ulag serişdelerinde goýulmagy üçin jerime 0,5-den bir binýatlaýyn mukdara çenli ýokarlandyryldy.

Ahyrsoňy, bäşinji bölege laýyklykda — ulag serişdeleriniň daşky yşyk enjamlaryny we ses duýduryjylaryny peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem hapalanan (aýnalaryndan daşyny, döwlet belligealnyş nyşanlarynyň ýazgysyny görmäge mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da kysymyny,reňkini saýgaryp bolmadyk ýa-da tekerleri ýol örtüginde hapa galdyrýan) ulag serişdeleriniň, şol sanda daşky yşyk abzallary we yşyk gaýtaryjylary işlemeýänýa-da hapalanan ulag serişdeleriniň dolandyrylandygy üçin jerime 0,3-den bir binýatlaýyn mukdara çenli ýokarlandyryldy.

Mundan başgada, 213-nji maddanyň bozulmagy bilen bagly jerimeler hem üýtgedi, ýagny indi hereket edýän ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ünsi sowujy(telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnaşyjylary howlukdyrmak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek we beýlekiler) ýa-da ulag serişdesiniň onuň daşyna beden synalarynyň görnetin çykarylyp dolandyrylmagy hereketleriň edilmegi - binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna elter.