Belarusuň döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetinde (BDUIR) bilim alýan türkmen talyplary 29-njy aprelde ýokary okuw mekdebinde geçirilen «Medeniýetleriň çemeni» atly halkara festiwala gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew bu baýramçylygyň hormatly myhmany boldy. Bu barada Türkmenistanyň Minskdäki diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Nazarguly Şagulyýew çykyşynda hut şu hili duşuşyklaryň halklaryň arasyndaky hakyky dostlugyň binýadyny tutýandygyny belledi.
Türkmenistanly talyplar sahnada Watana bagyşlanan watançylyk aýdymy we däp bolan halk tanslary bilen çykyş etdiler.
Öwüşginli lybaslar we ýerine ýetirijileriň ak ýürekliligi bu akademiki çäräni hakyky agzybirlik baýramyna öwürdi.