Turkmenportal logo
Şu gün 11:33
1932519325
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan maý aýynda bäş döwlet baýramyny bellär

Maý aýy Türkmenistanda milli senenamanyň möhüm senelerine baýdyr. Bu aýda ýurt birnäçe döwlet baýramyny belleýär, olaryň her biri aýratyn taryhy we medeni ähmiýete eýedir.

9-njy maý — Ýeňiş güni

Türkmenistan 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň hatyrasyny hormatlaýar. Bu gün ýurduň ähli künjeklerinde dabaraly çäreler, ýadygärliklere we wepat bolan esgerleriň heýkellerine gül goýmak dabaralary, şeýle-de medeni we watançylyk çäreleri geçirilýär. Türkmenistanyň müňlerçe raýaty uruş meýdanlarynda söweşip, olaryň umumy Ýeňşe goşan goşandy türkmen halkynyň taryhynda möhüm orun eýeleýär. Türkmen esgerleri uruş meýdanlarynda mertlik görkezip, Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldylar. Olaryň edermenligi «Hatyra» hem-de «Şöhrat» atly neşirlerde ebedileşdirildi.

18-nji maý — Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni

Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan bäri bilelikdäki baýram hökmünde bellenilýär. Ozal bu iki baýram aýratynlykda geçirilýärdi, emma 2017-nji ýylyň oktýabrynda ýurduň parlamenti tarapyndan birleşdirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Ýokary Geňeşiň 14-nji mejlisinde kabul edildi. Döwlet baýdagy bolsa 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda resmi taýdan tassyklanyldy. Adatça, 18-nji maýda Aşgabatda beýikligi 133 metre ýetýän Baş baýdak sütüninde Döwlet baýdagynyň resmi galdyrylyş dabarasy geçirilýär.

25-nji maý — Aşgabat şäheriniň güni

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap her ýylyň 25-nji maýynda paýtagtmyzyň — Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär. 2026-njy ýylda bu baýram aýratyn ähmiýete eýe bolýar: şäher 1881-nji ýylda esaslandyrylan bolup, şu ýyl Aşgabat öz 145 ýyllygyny belleýär. Türkmenistanyň paýtagty ýurduň iň iri dolandyryş-syýasy, ylmy we medeni merkezidir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat dünýäde iň köp ak mermerli şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ýubileý günlerinde şäherde giň gerimli dabaralar, şol sanda 2026-njy ýylyň 24–25-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Ak şäher Aşgabat» atly XXV Halkara sergi we maslahat guralar.

Maý aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen halysynyň güni

Türkmen halysynyň güni maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. 2026-njy ýylda bu sene 31-nji maýa gabat gelýär. Bu baýram türkmen medeniýetiniň we halk döredijiliginiň esasy nyşanlarynyň birine bagyşlanýar. El bilen dokalýan türkmen halysy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, milli buýsanç hasaplanýar.

Baýramçylyklara beslenýän maý aýynyň jemini Gurban baýramy jemleýär — bu Yslam dininiň iň mukaddes baýramlarynyň biridir we Türkmenistanda döwlet derejesinde bellenilýär. Onuň anyk seneleri her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenýär. Baýramyň üç güni hem iş güni däl diýlip yglan edilýär.