Turkmenportal logo
Şu gün 10:55
75287528
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-hytaý forumyna gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini bellediler

Türk­men-hy­taý işe­wür­ler fo­ru­my­na we ser­gi­si­ne gat­na­şy­jy­lar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýüzlenme kabul etdiler. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen ýüzlenmede şeýle bellenilýär:

«Çuň­ňur hor­mat­la­nyl­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti!

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ge­çi­ri­len Türk­men-hy­taý işe­wür­ler fo­ru­my­na we ser­gi­si­ne gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren çuň­ňur ma­ny-maz­mun­ly Gut­la­gy­ňyz hem-de bu giň möç­ber­li çä­rä­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da dö­re­den aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri­ňiz üçin Si­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­ris.

Bu fo­ru­myň döw­re­bap tej­ri­be­le­ri alyş­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­mak ge­rek. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň işe­wür­le­ri­niň, iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň öz ha­ryt­la­ry­ny türk­men ba­za­ry­na çy­kar­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri hem mu­ny do­ly su­but ed­ýär. Giň möç­ber­li çä­rä­niň do­wa­myn­da hy­taý­ly ha­ryt ön­dü­ri­ji­ler ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, gel­jek­ki taslamalary bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Şo­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly döw­le­tiň iri se­na­gat dü­züm­le­ri­niň bol­ma­gy iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek­de uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Be­lent mer­te­be­li Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti!

Ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­da ge­çi­ri­len bu fo­rum we ser­gi dür­li pu­dak­lar­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň köp ugur­la­ry bo­ýun­ça ga­za­ny­lan tej­ri­be­le­ri paý­laş­ma­ga ýar­dam ber­di. Iki döw­le­tiň de­giş­li pu­dak­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar, öňe sür­len tek­lip­ler hy­taý­ly işe­wür­le­riň türk­men ba­za­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­mek­le­ri ba­bat­da tä­ze gy­zyk­lan­ma­la­ry dö­ret­di. Iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň oňyn tej­ri­be­le­ri, ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri, ýurt­la­ryň milli yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň ga­za­nan­la­ry, işe­wür to­par­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga giň ýol aç­ýar.

Hor­mat­ly Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti!

Si­ziň ta­gal­la­la­ry­ňy­z bi­len ge­çi­ri­len Türk­men-hy­taý işe­wür­ler fo­ru­my­nyň we ser­gi­si­niň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­ma­gy ba­bat­da dö­re­den aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri­ňiz üçin Si­ze ýe­ne-de bir ge­zek çäk­siz ho­şal­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­ris. Si­ziň ja­ny­ňy­zyň sag, öm­rü­ňi­ziň uzak, mer­te­bä­ňi­ziň be­lent, hal­ka­ra de­re­je­li baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de, şol san­da türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­ny tä­ze sep­git­le­re çy­kar­mak­da alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­ňiz­de he­mi­şe üs­tün­lik­le­riň hem­ra bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris».