Turkmenportal logo
Şu gün 11:50
81618161
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkish Airlines ýatladýar: 20-nji aprelden başlap halkara gatnawlarda ýük daşamak boýunça täze düzgünler güýje girdi

Turkish Airlines ýatladýar: 20-nji aprelden başlap halkara gatnawlarda ýük daşamak boýunça täze düzgünler güýje girdi

Turkish Airlines awiakompaniýasy ýolagçylara 2026-njy ýylyň 20-nji aprelinden başlap ýük daşamak boýunça täzelenen talaplaryň güýje girendigini ýatladýar. Türkmenistandan syýahat edýänlere howa menzilinde garaşylmadyk goşmaça tölegleriň öňüni almak üçin öz ýükleriniň ölçeglerini öňünden barlamak maslahat berilýär.

Awiakompaniýa aýratyn belläp geçýär: üç tarapyň jemi 158–292 sm-den geçýän çemodanlar uly ölçegli hasaplanylýar we olar üçin 90 ABŞ-nyň dollary möçberinde goşmaça töleg alynýar.

Häzirki wagtda hereket edýän ýük kadalary:

El goşy: agramy 8 kg-a çenli bolan 1 sany, ölçegi 55×40×23 sm-den geçmeli däl;

Şahsy zat: 1 sany, ölçegleri 40×30×15 sm-e çenli;

Çaga arabasy: agramy 8 kg-a çenli we ölçegi 115 sm-e çenli rugsat berilýär.