Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen gelen, Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Foruň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar bu saparyň iki ýurduň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Diplomatlar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy ýurduň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Seýşeller Respublikasyny Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmaga çagyrdy.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Hususan-da, bilelikdäki işewürlik forumlaryny, sergileri we ýarmarkalary geçirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem ulag, dokma senagaty we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ugur, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ulgamlary boýunça hyzmadaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli edaralaryň arasynda duşuşyklary guramak hem-de Aşgabat we Wiktoriýa şäherlerinde Medeniýet günlerini geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi.