Turkmenportal logo
Düýn 16:32
1421414214
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Yssy möwsüm ýetip gelýär: «Ak Gaýa» dükanyndaky howa çözgütlerine syn

Yssy möwsümiň başlanmagy bilen howa barha gurak we jöwzaly bolýar. Häzirden köp adamlar öýde, daçada ýa-da howlyda nädip amatly şertleri döretmelidigi barada oýlanyp başlaýarlar. Şeýle ýagdaýda sowadyş ulgamlary, şol sanda açyk meýdanlar üçin niýetlenen kondisionerler we beýleki howa çözgütleri aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şeýle tehnikalaryň we degişli harytlaryň giň görnüşi «Ak Gaýa» dükanynda hödürlenýär. Bu ýerde içerki jaýlar hem-de açyk meýdanlar üçin amatly şertleri döretmekde zerur bolan ähli serişdeleri tapmak bolýar.

Dükanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri — giň assortimentiň bir ýerde jemlenmegidir. Müşderiler dürli dükanlara aýlanyp wagt ýitirmän, gurluşyk, abatlaýyş we öýi abadanlaşdyrmak üçin zerur bolan ähli zatlary bir ýerden satyn alyp bilerler.

Mundan başga-da, dükanda goşmaça hyzmatlar hem bar: satyn alnan harytlary eltip bermek, käbir önümler üçin kepillik bermek we gurnama hyzmatlary hem elýeterlidir. Bu bolsa satyn alyş işini ep-esli ýeňilleşdirýär we müşderileriň wagtyny tygşytlaýar.

Ýene bir artykmaçlyk — harytlary 3 ýyla çenli möhlet bilen karzyna almak mümkinçiligidir. Bu bolsa zerur önümleri has-da elýeterli edýär.

«Ak Gaýa» dükanyna şu salgy boýunça baryp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köçesi (Obýezdnaýa), 40-njy jaý.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88. Sosial ulgamdaky sahypasy.