Turkmenportal logo
Şu gün 15:59
26172617
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Sinopec» Türkmenistanda 900 müň tonnadan gowrak täze nebitiň gazylyp alynmagyny üpjün etdi

Hytaýyň «Sinopec» nebit-himiýa korporasiýasy Türkmenistanda 170 million amerikan dollarlykdan gowrak möçberde işleri amala aşyryp, 900 müň tonnadan gowrak täze nebitiň gazylyp alynmagyny üpjün etdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý forumynda çykyş eden «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew mälim etdi.

«Men biziň esasy hyzmatdaşymyz — Hytaýyň «Sinopec» nebit-himiýa korporasiýasynyň ýanyndaky halkara nebit serwis kompaniýasynyň işi barada aýratyn durup geçmek isleýärin» diýip, Jumaýew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäklerinde «Sinopec» guýulary düýpli abatlamak, gapdal sütünleri burawlamak, gyşyk-ugurly burawlamak, guýularyň ýan zolaklaryny berkitmek we suw izolasiýa işlerini ýerine ýetirýär. «Şu güne çenli «Sinopec» şertnama borçnamalarynyň çäklerinde 170 million amerikan dollarlykdan gowrak möçberdäki işleri ýerine ýetirdi» diýip, konserniň ýolbaşçysynyň orunbasary belledi.

B.Jumaýew hytaý kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly işleri netijesinde täze nebitiň alnyşynyň 900 müň tonnadan geçendigini, gündelik nebit alnyşynyň bolsa 1,5 müň tonnadan gowrak derejä ýetendigini nygtady.

«Türkmennebitiň» başlygynyň orunbasary «Sinopec» bilen hyzmatdaşlykdan başga-da, konserniň beýleki hytaý kompaniýalary bilen umumy bahasy 439 million amerikan dollarlykdan gowrak bolan ýene-de 29 sany şertnamany amala aşyrýandygyny habar berdi. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyndan energetika maşyn gurluşygy üçin döwrebap enjamlary, geofiziki we nebitgaz enjamlaryny, turba önümlerini hem-de himiki reagentleri satyn alýar.