Turkmenportal logo
Şu gün 11:37
33093309
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Müsür bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny kesgitlediler

Düýn Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamediniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny,  hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda garalan geljegi uly ugurlaryň arasynda innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, professorlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmak maksatnamalary, bilelikdäki maslahatlary guramak hem-de sanly tehnologiýalar we emeli aň ulgamynda ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrmak ýaly meseleler bar.

Müsür tarapy hyzmatdaşlyk baradaky ikitaraplaýyn resminamalary baglaşmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyklary guramagy teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar öňe sürlen başlangyçlary amala aşyrmak boýunça bilelikde işleşmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Mundan ozal, Müsüriň Türkmenistandaky täze ilçisiniň ynanç hatynyň nugsalaryny gowşurandygyny habar beripdik