Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-hytaý sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy.
Açylyş dabarasynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlag ýüzlenmesi okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň gutlag ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlarda, aýratyn-da, nebitgaz, ulag we logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, söwda dolanyşygy, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
«Bu giň gerimli çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostluk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjekdigine pugta ynanýaryn» - diýip, hormatly Prezidentimiz gutlagynda belleýär.
Serginiň çäklerinde Hytaýyň we Türkmenistanyň işewür toparlary öz harytlaryny hem-de hyzmatlaryny hödürleýärler. Foruma gatnaşyjy hytaý kompaniýalarynyň hatarynda NUCTECH, HUAWEI, LOVOL, SHANTUI, JINFENGYUAN SEED, KAIQUAN we beýlekiler bar.
Hytaýyň «Geely» awtoulag brendiniň resmi distribýutory 2025-nji ýylyň üç modelini — Geely Emgrand we Geely Preface sedanlaryny, şeýle hem öňdebaryjy krossoweri bolan Geely Monjaro modeli bilen tanyşdyrdy.
Ertir Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň açylyşy bolar. Onda gatnaşyjylar iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze tapgyryny, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň ösüşini, bilelikdäki taslamalary hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Çäräniň baý mazmunly maksatnamasynda hytaýly gatnaşyjylaryň Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine baryp görmegi hem göz öňünde tutulýar.
Forum öz işini 30-njy aprele çenli dowam eder.