Turkmenportal logo
Şu gün 15:29
51375137
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri «TASS» bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

«TASS» habarlar gullugynda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň agentligiň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Kopnow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «TASS» bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara ygrarlylygyny tassykladylar.

Türkmenistanyň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «TASS-yň» baş direktory Andreý Kondraşow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän GDA-nyň döwlet habar gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşi bilen özara hereketiniň meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, şeýle hem GDA-nyň 35 ýyllygyna we Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk edýän ýylyna gabatlanyp geçiriljek çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirilişi bilen baglanyşykly meselelere hem deglip geçildi.

«TASS» – Russiýanyň iň iri habar gullugy we dünýäniň öňdebaryjy agentlikleriniň biridir. Ol 1904-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Agentligiň Russiýada we daşary ýurtlarda giň habarçylar ulgamy bolup, ol ýurtda we dünýäde bolup geçýän wakalary rus we iňlis dillerinde gije-gündiz şöhlelendirmäge mümkinçilik berýär.

«TASS-yň» Türkmenistandaky wekilhanasy 2022-nji ýylyň awgustynda açyldy. Şol ýyl Aşgabatda Moskwadan iberilen habarçy işe başlady.