Turkmenportal logo
Şu gün 12:27
77137713
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bahreýn 2026-njy ýylda göreş boýunça dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi

Bahreýn 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen göreş boýunça dünýä çempionatyny kabul edip bilmez. Bu barada Russiýanyň sport göreşi federasiýasynyň prezidenti Mihail Mamiaşwili TASS agentligine beren interwýusynda habar berdi. Ýaryşyň täze geçiriljek ýeri ýakyn wagtda kesgitlener.

Ýaryşlary 5–13-nji sentýabr aralygynda ýurduň paýtagty Manama şäherinde geçirmek meýilleşdirilipdi.

Mamiaşwiliniň sözlerine görä, ýaryşy guramaga bäş ýa-da alty döwlet gyzyklanma bildirdi. «Ony geçirmek isleýän ýurtlar köp, bu bolsa ýaryşyň derejesini görkezýär» — diýip, ol belledi.

Federasiýanyň ýolbaşçysy dalaşgärleriň arasynda Özbegistanyň, Gazagystanyň we eýýäm göreş boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek tejribesine eýe bolan Gyrgyzystanyň bardygyny aýtdy. Şeýle hem birnäçe Ýewropa ýurtlary ýaryşy kabul etmäge taýýardygyny bildirdi. Şol bir wagtyň özünde Mamiaşwili täze öý eýesiniň Aziýa ýurdunyň bolmagynyň has ähtimaldygyny belleýär, sebäbi çempionat başda hut Aziýa sebitine degişli edilipdi.