Turkmenportal logo
Şu gün 09:18
92249224
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň Ýörite baýragyna mynasyp boldy

Şu ýylyň 19 — 25 -nji apreli aralygynda Daşkent şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Özbegistanyň Sungat akademiýasy hem-de Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guralan türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň «Bir ruh — dürli reňkler» atly bäsleşik sergisi geçirildi. TÜRKSOÝ tarapyndan guralan Halkara şekillendiriş we amaly-haşam sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen bu bäsleşikde türkmen suratkeşleriniň eserleri hem görkezilişe çykaryldy.

TÜRKSOÝ-yň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bäsleşik sergisiniň jemleri boýunça türkmen suratkeşiniň işi ýokary baha mynasyp boldy. Has takygy, Görkezilen eserleriň arasynda geçirilen baha bermeleriň netijesinde, ýokary sungat ussatlygy bilen tapawutlanan Gurban Babatäjow (Türkmenistan) hem-de Kamoliddin Hazratkulow (Özbegistan) TÜRKSOY-yň Ýörite baýragyna mynasyp görüldiler.

Ýeri gelende bellesek, zehinli ýaş türkmen suratkeşi Gurban Babatäjow häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde mugallymçylyk edýär.