Turkmenportal logo
Düýn 16:55
1303113031
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sebastýan Sawe marafony iki sagada ýetirmän ylgap geçen ilkinji adam boldy

Keniýaly ýeňil atletikaçy Sebastýan Sawe London marafonynda ýeňiş gazanyp, taryhda ilkinji gezek 42 km 195 metr bolan nusgawy aralygy iki sagada ýetirmän geçmegi başardy. Onuň netijesi 1 sagat 59 minut 30 sekunt bolup, bu öňki dünýä rekordyny 65 sekunt gowulandyrdy — diýip, Associated Press agentligi habar berýär.

Ikinji orny efiopiýaly ylgawçy Ýomif Kijelça eýeledi, ol hem marafony iki sagada ýetirmedi we ony 1:59.41 netije bilen tamamlady. Bürünç medaly ugandaly Jeýkob Kiplimо gazanyp, bu aralykda 2:00.28 wagt görkezdi.

Zenanlaryň arasynda diňe zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşlarda dünýä rekordyny efiopiýaly Tigist Assefa goýdy — onuň netijesi 2:15.41. Marafon boýunça zenanlaryň absolýut dünýä rekordy bolsa henizem britaniýaly ylgawçy Pola Redkliffe degişlidir: ol 2003-nji ýylda garyşyk ýaryşda şeýle netije görkezdi we bu görkezijä şu wagta çenli ýetilmedi.