Turkmenportal logo
Şu gün 11:29
86038603
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Baýramy nädip ýatda galar ýaly etmeli: Zyýat Hiliň tortlaryny sargyt ediň

Zyýat Hil konditer dükanlarynyň ulgamy müşderilere doglan günler we beýleki möhüm seneler üçin tortlary aýratyn sargyt etmek mümkinçiliginiň bardygyny ýatladýar. Kompaniýa müşderiniň ähli isleglerini göz öňünde tutup, şahsy dizaýn boýunça ýatda galyjy süýjüligi taýýarlamagy teklip edýär.

Müşderiler tortuň görnüşini, ölçegini, reňk sazlaşygyny we bezeg aýratynlyklaryny öz isleglerine görä saýlap bilerler. Tortuň goşundylarynyň görnüşlerinde nusgawy tagamlar bilen birlikde awtorlyk utgaşmalary hem hödürlenýär. Şeýle çemeleşme diňe bir datly süýjülik bolmak bilen çäklenmän, eýsem baýramçylyk gurşawynyň möhüm bölegine öwrülýän torty taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Zyýat Hil konditer dükanlarynda bellemeklerine görä, şahsy sargytlar islendik çäräni has täsirli we ýatda galyjy edýär hem-de onuň özboluşlylygyny aýratyn nygtaýar.

150 manatdan başlap sargyt edilen halatynda Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çägine eltip bermek mugt amala aşyrylýar.

Zyýat Hil konditer ulgamy dynç alyş günsiz işleýär. Sargytlar her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär.

Aragatnaşyk maglumatlary:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, aragatnaşyk telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;

Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.