17-nji maýda «Türkmenistan» kino-konsert zalynda «Latino konsert» atly aýdym-sazly çäre geçiriler.
Aýdymçylar Döwran Şammyýew, Maýsa Nyýazowa hem-de Big Band Orchestra tomaşaçylara latyn amerikan äheňli baý we täsirli aýdym-saz maksatnamasyny hödürlärler.
Agşamyň aýratyn gurşawyny joşgunly tans çykyşlary has-da baýlaşdyrar.
Sungat işgärleri üçin bu taslama diňe bir çykyş bolman, eýsem sahnada janly bir hekaýany döretmek üçin ajaýyp mümkinçilikidir. Bu ýerde diňe aýdym-saz däl-de, eýsem tomaşaçylaryň täsiri hem möhüm orun eýeleýär.
Başlanýan wagty: 19:00.
Biletleri satyn almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip, habarlaşyp bilersiňiz:
+993 71 53 15 85
+993 65 03 53 20
+993 71 67 97 11