Belet striming platformasy öz ulanyjylaryna Ýewropanyň bäş öňdebaryjy futbol çempionatynyň duşuşyklaryny, şeýle hem UFC ýaryşlaryny yzarlamaga mümkinçilik berer.
Şenbe güni, 25-nji aprelde Germaniýanyň Bundesligasynyň çäklerinde «Mains» — «Bawariýa» (Mýunhen) (18:30) duşuşygy geçiriler, Ispaniýanyň La Ligasynyň çäklerinde bolsa «Hetafe» — «Barselona» (19:15) oýny futbol janköýerlerine hödürlener. Fransiýanyň Liga 1 çempionatynda «Anže» — «Pari Sen-Žermen» (22:00) duşuşygy bolar. Angliýanyň Premýer-ligasynda şol gün «Liwerpul» — «Kristal Pelas» (19:00) we «Arsenal» — «Nýukasl» (21:30) klublarynyň arasynda oýunlar geçiriler.
Ýekşenbe güni, 26-njy aprelde Italiýanyň Seriýa A çempionatynda «Torino» — «Inter» (21:00) we «Milan» — «Ýuwentus» (23:45) duşuşyklary bolar. Bundesligada «Borussiýa» (Dortmund) — «Fraýburg» (20:30), La Ligada bolsa «Atletiko Madrid» — «Atletik» (Bilbao) (00:00) oýny meýilleşdirildi. Liga 1-de oýun güni «Marsel» — «Nissa» (23:45) duşuşygy bilen tamamlanar. Ýekşenbe güni irden UFC Fight Night ýaryşynyň Sterling bilen Zalalyň arasyndaky esasy tutluşyk (5:00) bolar.
Angliýanyň Premýer-ligasynda «Mançester Ýunaýted» — «Brentford» duşuşygy sişenbe güni, 29-njy aprelde sagat 00:00-da geçiriler.
Ähli göni ýaýlymlar Belet platformasynda «Premium» abunasy arkaly elýeterlidir. Oýunlaryň başlanýan wagty Aşgabat wagty boýunça görkezildi.