Turkmenportal logo
Şu gün 09:58
93659365
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer oba hojalyk önüm öndürijilerini höweslendirmek maksady bilen, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy — diýip, TDH agentligi habar berýär.