Turkmenportal logo
Şu gün 04:17
2343923439
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Russiýa ylmy-bilim hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Moskwa bardy. Saparyň dowamynda Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi, şeýle hem Russiýanyň daşary syýasat edarasyndaky wekili bilen duşuşyk boldy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Anatoliý Torkunow we Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany Andreý Suşensow bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar 2017-nji ýylyň oktýabrynda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyşlaryny guramak, halkara gatnaşyklary hem-de energetika diplomatiýasy ugurlary boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny taýýarlamak, şeýle hem ýaşlar diplomatiýasy ulgamynda başlangyçlary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gülşat Ýusupowa Russiýanyň DIM-niň GDA ýurtlary boýunça Üçünji departamentiniň direktory Aleksandr Sternik bilen hem duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik dialogyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, bilim we ylym ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Mundan başga-da, Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň strategiýalaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, hünärmenler, şeýle hem türkmenistanly talyplar we türkmen dilini öwrenýän rus talyplary gatnaşdylar. Ilkinji nobatdaky ugurlar hökmünde gatnaşyjylar akademiki ykjamlyk maksatnamalaryny, diplomatik gulluk we energetika diplomatiýasy boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, türkmen dili boýunça okuw gollanmasyny taýýarlamagy, şeýle hem ylmy işleriň özara neşir edilmegini aýratyn bellediler.

Saparyň jemleri boýunça taraplar ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri kesgitlediler.