Turkmenportal logo
Şu gün 13:17
60336033
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Täjigistan nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Guwanç Agajanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar nebit-gaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk konstruktiw ýagdaýda geçdi diýlip, diplomatik wekilhananyň habarynda bellenilýär.