22-23-nji aprel aralygynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasyny (BOMKA — 11) ýerine ýetirmek boýunça milli utgaşdyryjy toparynyň 1-nji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, geçirilen maslahatyň barşynda agzalan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde halkara maslahatlary yzygiderli geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.