Turkmenportal logo
Düýn 18:40
1111511115
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň Sanýa şäherinde VI Aziýa kenarýaka oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

Hytaýyň Sanýa şäherinde 2026-njy ýylyň VI Aziýa kenarýaka oýunlarynyň dabaraly açylyş çäresi boldy. Bu ýaryşlara yklymyň milli Olimpiýa komitetleriniň 45-si gatnaşýar.

Açylyş dabarasynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Joaan bin Hamad Al Tani gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetine, Sanýa şäherine hem-de Hytaýyň Olimpiýa komitetine oýunlary ýokary derejede gurandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ýurtlaryň iri halkara sport çärelerini, şol sanda tomusky we gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirmekde baý tejribesiniň bardygyny belledi.

Şeýh Joaan öz çykyşynda sportuň Aziýa halklaryny birleşdirýän möhüm güýçdigini nygtamak bilen, türgenleri adalatly bäsleşmäge we ýaş nesle görelde bolmaga çagyrdy. Şeýle-de ol häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran ählumumy kynçylyklaryň çäklerinde bu oýunlaryň parahatçylygyň we agzybirligiň nyşanydygyny aýratyn belledi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Şen Isin VI Aziýa kenarýaka oýunlarynyň açylandygyny resmi taýdan yglan etdi.

30-njy aprele çenli dowam etjek bu ýaryşlara Aziýa yklymynyň ähli ýurtlaryndan türgenler gatnaşýarlar.