Turkmenportal logo
22.04.26
1612416124
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara nutuk: Mikroplastik saglyk üçin zyýanly
Surat: khovar.tj

Öň, esasan, ekologiýa üçin howply hasaplanýan mikroplastik adamyň saglygyna täsir edýän sebäpleriň biri hökmünde ykrar edilýär. Golaýda 350 müň sany degişli ylmy barlaglaryň umumylaşdyrylmagynda düzülen halkara nutugyň awtorlary şeýle netijä geldiler diýip, «Azertaj» habarlar agentligi habar berdi.

Mikroplastik — bu möçberi 5 mm deň bolan, sintetiki materiallaryň dargamagyndan emele gelýän bölejiklerdir, olar bu suwda, howada, toprakda, şeýle-de adamyň bedeninde – ganda we öýjüklerde duşýar.

Ylmy barlaglar olaryň esasy täsir edýän çeşmelerini görkezýär, oňa: daşky gurşaw, durmuş gurşawy, azyk önümleri, lukmançylyk we ýüz-boýag serişdeleri girýär. Ylmy-barlaglarda hemişelik täsir edýän gizlin çeşmelere hem aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, mikroplastigiň ýeterlik möçberi, operatiw bejergileri-de goşmak bilen, lukmançylyk gurşawynda hasaba alynýar, onuň täze dünýä inen, esasan-da kem agramda doglan bäbeklere täsiri ynjalyksyzlanma döredýär.

Durmuşda mikroplastigiň çeşmeleri oýnawaçlar, örtükler we reňkleri goşmak bilen, gurluşyk serişdeleridir. Alymlar mikroplastigiň adamyň saglygyna zyýanly täsiri tutuş ömürboýy, üznüksiz dowam edýär diýip hasaplaýarlar.