Turkmenportal logo
Şu gün 15:33
61186118
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Merkezi Aziýada howa şertlerine gözegçilik ulgamlaryny ösdürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow Astanada geçirilen RES 2026 Sebitleýin ekologiýa sammitiniň çäklerinde guralan Merkezi Aziýada howa maýa goýumlary boýunça ministrler derejesindäki tegelek stola gatnaşdy. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tebigaty goramak edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Tegelek stol Merkezi Aziýada syýasy ylalaşylmagy utgaşdyrmak we howa bilen bagly maliýeleşdirmäni herekete getirmek meselelerine bagyşlandy. Gatnaşyjylar ýurtlaryň howa boýunça borçnamalaryny anyk maýa goýum maksatnamalaryna öwürmegiň ýollaryny, ileri tutulýan ugurlary kesgitlemegi hem-de edaralaryň arasyndaky utgaşyklylygy güýçlendirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatda çykyş eden Goşjanow Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş meselelerine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ol ileri tutulýan ugurlar hökmünde howa töwekgelçilikleri boýunça irki duýduryş ulgamlaryny döretmegi, howa taslamalarynyň bukjasyny emele getirmegi, şeýle hem uýgunlaşma, ekologiýa gözegçiligi we tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy görkezdi. Şeýle-de ministr tutuş sebit üçin ähmiýetli taslamalary taýýarlamakda hyzmatdaşlyk goldawyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we anyk howa maýa goýumlaryny ilerletmek boýunça ýurduň işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň netijeleri boýunça sebit üçin esasy howa maýa goýum ugurlarynyň kesgitlenmegine hem-de Merkezi Aziýa üçin umumy howa maýa goýum strategiýasynyň emele getirilmegine garaşylýar.