Turkmenportal logo
22.04.26
1342713427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Madýar döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna meýletin işden gitmegi teklip etdi
Surat: tass.ru

«Tisa» partiýasynyň lideri, golaý wagtda Wengriýanyň Hökümet başlygy bolmaly Peter Madýar öňki Hökümetde öz wezipelerini eýeläp gelýän ähli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna 31-nji maýa çenli meýletin işden gitmegi teklip etdi diýip, TASS habar berdi.

Madýaryň sözlerine görä, 31-nji maýdan soňra täze Hökümet özüne berlen wezipe ygtyýarlylyklaryny we ýuridiki mümkinçilikleri peýdalanmak bilen, olary wezipeden aýyrmak üçin hereket edip başlar.

12-nji aprelde geçen parlament saýlawlarynyň jemleri boýunça «Tisa» partiýasy Wengriýanyň parlamentinde konstitusion köplügi gazandy (199 orundan 141 orun), partiýa zerurlyk halatynda esasy Kanuna üýtgetmeleri girizip biler.

Saýlawlardaky ýeňşiniň yzysüre Madýar ýurduň Prezidentini, Ýokary we Konstitusion kazylary, baş prokurory hem-de beýleki döwlet edaralaryň ýolbaşçylaryny işden gitmäge çagyrdy.

 Madýar maýyň başynda parlamentiň täze çagyrylyşynyň birinji mejlisinde Premýer-ministr wezipesine saýlanmaly.