Turkmenportal logo
22.04.26
1189911899
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mongoliýanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy
Surat: icsd.kz

Gazagystana döwlet sapary bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bardy. Döwlet Baştutanlary dar düzümde gepleşikleri geçirdiler, onuň dowamynda Kasym-Žomart Tokaýew iki doganlyk halky umumy taryhyň we kökleriň birleşdirýändigini nygtady diýip, «1tv.kz» saýty habar berdi.

Kasym-Žomart Tokaýew: «Gazaklar we mongollar asyrlaryň dowamynda ýakyn goňşular boldular. Biziň halklarymyzyň durmuşy we däpleri meňzeş. Şu gün biziň dostlugymyzyň esasynda şol baky gymmatlyklar ýatýar. Häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösýär. Döwletara, parlamentara we hökümetara aragatnaşygymyz berkeýär».

Öz nobatynda, Mongoliýanyň Prezidenti Gazagystanyň lideriniň 2024-nji ýylda Ulan-Batora saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara täze itergi berendigini nygtady.

Uhnaagiýn Hurelsuh: «Bu waka, gürrüňsiz, biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Hormatly jenap Prezident, siziň öňdengörüjilikli, parasatly we ýokary tejribeli ýolbaşçylygyňyzda Gazagystanda ykdysady we durmuş-syýasy ulgamlarda örän uly ösüşler gazanyldy. Mongol halky Gazagystanyň üstünliklere gyzyklanma bilen seredýär».

Iki ýyl mundan Gazagystanyň Prezidentiniň Mongoliýa sapary wagtynda taraplar onlarça resminamalara gol çekdiler. Mongoliýanyň döwlet Baştutanynyň häzirki saparynda hem birgiden ylalaşyklara gol çekmek meýilleşdirilýär.