Turkmenportal logo
Şu gün 11:32
61736173
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Samarkantda geçirilen transmilli neşe howplaryna garşy göreş boýunça foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary O. Kakalyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 20–21-nji aprelde Samarkant şäherinde geçirilen «Jemgyýetiň saglygy we howpsuzlygy ugrunda transmilli neşe howplaryna garşy göreş» atly halkara foruma gatnaşdy.

Forum Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Neşe serişdelerine we ok atýan ýaraglara gözegçilik agentligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirligi bilen bilelikde guraldy – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Forumyň gatnaşyjylary neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň häzirki zaman ählumumy we sebit meýilleri, ýaşlaryň arasynda öňüni alyş çäreleri, bejeriş, saglygy dikeldiş we jemgyýete gaýtadan uýgunlaşma ulgamlaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem neşe howplaryna garşy göreşde sanly tehnologiýalary we emeli aň esasynda çözgütleri ornaşdyrmak, şeýle-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine garaldy.