Turkmenportal logo
Şu gün 09:37
65396539
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uzak aralyga atly ýöriş geçirildi 

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Oňa 6 — 11 ýaş aralygyndaky çydamly atlaryň 15-si we olaryň ezber çapyksuwarlary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bäsleşige ir bilen Aşgabat — Mary awtoýolunyň 24-nji kilometrliginden badalga berildi. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Milli atly sport merkezine, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna we hususy atşynaslara degişli atlar bar. 60 kilometrlik menziliň başlangyjynda bedewler weterinar barlagyndan geçirilip, olaryň uzak aralyga ýaryşa gatnaşyp bilijilik ukybyna baha berildi.

Şeýle hem bäsleşige gatnaşan bedewlere 30 kilometrlik menzilde dynç berlip, saglyk ýagdaýy, çydamlylyk derejesi barlanylansoň, olar indiki tapgyra gatnaşmaga goýberildi. Munuň özi uzak aralygy iň gysga wagtda däl, eýsem, bellenilen menzili kynçylyksyz geçmäge ukyply iň çydamly atlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar gowşurylar.