Turkmenportal logo
Şu gün 10:15
81828182
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýanyň Kiýeti-Peskara uniwersitetinde okamak üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2026/2027-nji okuw ýylynda Italiýanyň Kiýeti-Peskara uniwersitetinde (UdA) okamak üçin Erasmus+ KA171 talyp alyş-çalyş maksatnamasyna resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.

Alyş-çalyş barada maglumat

  • Möhleti: 12 aý (fixed term).

  • Başlanýan wagty: 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry

  • Ýerleşýän ýeri: Kýeti we Peskara şäherleri, Italiýa.

Gatnaşmak üçin talaplar

Dalaşgärler aşakdaky şertlere laýyk gelmelidir:

  1. Okuw ýagdaýy: 2026/2027-nji okuw ýylynda bakalawr maksatnamasynyň soňky ýylynyň talyby, magistrant ýa-da aspirant (PhD) bolmaly.

  2. Akademiki görkezijiler: GPA ýa-da degişli baha ulgamy arkaly subut edilen ýokary akademiki ukyplar boýunça bahalaryň sanawy talap edilýär).

  3. Dil derejesi: Iňlis ýa-da italýan dilini azyndan B1 (CEFR) derejesinde bilmeli.

Bellik: Halkara şahadatnamalary (IELTS/TOEFL) bolmasa, EU Academy platformasynda mugt testden geçip, şahadatnama alyp bolýar.

4. Ugur saýlamak: Iňlis dilinde okadylýan ugurlary saýlaýan talyplara isleg bildiriler.

Doly iňlis dilinde okadylýanm magistratura maksatnamalary

  • Sagdynlygyň psihologiýasy (Psychology of Well-Being and Performance)

  • Planetar ylymlar (Planetary Sciences)

  • Reabilitasiýa ylymlarynyň saglygy goraýyş hünärleri (Health Professions of Rehabilitation Sciences)

  • Gurluşyk inženerçiligi - Medeni miras (Building Engineering - Cultural Heritage)

  • Hasaplaýyş kognitiw ylmy (Computational Cognitive Science)

Bölekleýin iňlis dilinde okdylýan magistratura maksatnamalary

  • Ykdysadyýet we dolandyryş (Economics and Management)

  • Biznesiň halkaralaşmagy we innowasiýa üçin hukuk barlaglary (Legal Studies for Business Internationalisation and Innovation)

5. Nädip ýüz tutmaly?

Talyplar bu maksatnama şahsy tertipde ýüz tutup bilmeýärler; ähli dalaşgärler uniwersitet tarapyndan hödürlenmelidir.

  • 1-nji ädim: Iňlis dilinde hödürlenýän dersler bilen şu ýerden tanyşyň: (https://www.unich.it/international/international-students/courses-held-english).

  • 2-nji ädim: Gerekli resminamalary (pasportyň nusgasy, transkript, okuw ýerinden kepilnama we B1 dil şahadatnamasy) taýýarlaň.

  • 3-nji ädim: Içerki saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin haýal etmän uniwersitetiň Halkara gatnaşyklary bölümine ýüz tutuň.

Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky güni: 2026-njy ýylyň 10-njy maýy.