Turkmenportal logo
Düýn 19:52
92869286
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda maý aýynda küşt boýunça Gran-pri ýaryşlarynyň «Aşgabat» tapgyryna badalga berler

3-nji maýda Aşgabat şäherinde küşt boýunça milli Gran-pri ýaryşlaryna badalga berler.

Ýaryşlar Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçiriler.

Bu ýaryşlara Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ussatlyk derejesine ýeten agzalary gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylary hasaba almak 26-njy aprele çenli (18:00-a çenli) şu salgylanma arkaly dowam eder: https://bit.ly/granpriashgabat2026.

Ýaryşyň emini hökmünde FIDE-niň emini Serdar Annaberdiýew hem-de milli derejeli emin Aýgül Saryýewa alyp barar.

Ýaryşy guramak bilen bagly çykdajylar Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan üpjün ediler.

«Aşgabat» tapgyrynyň baýrak gaznasy 10 000 manat bolup durýar.

Ýaryş 8-nji maýa çenli dowam eder.