Turkmenportal logo
Şu gün 14:36
58045804
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassani bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurduň ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlaryny goldamagyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

«Hyzmatdaşlygyň barha ösýändigini belläp, wekiliýet Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Taraplar Bütindünýä bankynyň toparynyň Türkmenistanyň milli ösüş ileri tutulýan ugurlaryny we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini goşmaça goldap biljek strategik ugurlaryny maslahatlaşdylar» diýlip, habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, Bütindünýä bankynyň toparynyň duşuşyklarynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe konstruktiw ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.