Turkmenportal logo
Şu gün 10:28
69796979
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝSÄGEBŞG-niň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda çäreleri geçirmek mümkinçiligine garaldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (ÝSÄGEBŞG) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşdy.

18-nji aprelde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝSÄGEBŞG bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyga we ýaragsyzlanmak proseslerini ilerletmäge gönükdirilen halkara tagallalaryny mundan beýläk-de güýçlendirmegiň ähmiýeti bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamanyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy nygtaldy. Şeýle-de taraplar şertnamanyň gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda sebit çärelerini geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar we bu ugurda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Halkara monitoring ulgamynda ÝSÄGEBŞG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem Türkmenistanyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirmek, şol sanda milli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we amaly gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.