2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 228-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler güýje girýär. Täze üýtgeşmeler maddanyň ähli dört bölegine täsir etdi we oňa täze hukuk bozulma görnüşi hem goşuldy.
Ulagy sürüjilik şahadatnamasy ýa-da ynanç haty bolmazdan dolandyrmak (birinji bölek) üçin jerime binýatlyk mukdaryň 0,5 möçberinden 1 möçberine çenli ýokarlandyrylýar. Ulagy dolandyrmaga hukuk berýän ynanç hatsyz sürmek, şeýle hem ulagy dolandyrmagy şeýle ynanç hatsy bolmadyk adama bermek (ikinji bölek) üçin öňki 2 möçberdäki kesgitlenen jerime 2-den 3 möçbere çenli aralyga üýtgedildi.
Sürüjilik hukugy bolmadyk ýa-da çäklendirilen ýagdaýda bolan adamyň ulag dolandyrmagy (üçünji bölek) üçin jerime öňki 3–5 möçberden 5–8 möçbere çenli ýokarlandyryldy. Şeýle adama ulagy dolandyrmagyny ynanmak (dördünji bölek) üçin jerime 4 möçberden 6 möçbere çenli artdyryldy.
Mundan başga-da, madda täze — bäşinji bölek bilen dolduryldy. Onda ilkinji gezek möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasy ýa-da wagtlaýyn rugsatnama bilen ulag dolandyrmak aýratyn hukuk bozulma hökmünde görkezilýär. Şeýle ýagdaýda 3-den 5 binýatlyk mukdara çenli jerime göz öňünde tutulýar.
Bu kanun 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilip, 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girizilýär.