Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Belfastda (Demirgazyk Irlandiýa) geçirilen PFL ýaryşynda fransiýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy.
D.Ýagşymyradow mundan ozalky tutluşygyny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda «PFL Road to Dubai» bäsleşiginde geçiripdi we onda amerikaly Kori Andersondan eminleriň biragyzdan gelen karary bilen asgyn gelipdi. Türkmenistanly pälwanyň hasabynda 26 ýeňiş, 8 ýeňiliş we 1 deňme-deňlik bar.
Pedro üçin bolsa bu tutluşyk 2024-nji ýylyň mart aýyndan bäri ilkinji duşuşyk boldy. Ol şonda «UFC Fight Night 238» bäsleşiginde braziliýaly Eitor Petrinodan eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda utulypdy. Fransiýaly türgeniň hasabynda 10 ýeňiş we 6 ýeňiliş bar.