Turkmenportal logo
Düýn 23:31
41754175
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işini tamamlady  

Şu gün Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işini tamamlady. Bu forum oňa gatnaşyjylary Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyryp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Forum täze syýahatçylyk ugurlaryny we hyzmatlaryny görkezmek, halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de pudagyň häzirki zaman gazananlaryny tanyşdyrmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 14-nji aprelde açylan giň gerimli çäräniň çäklerinde «Turkmentravel – 2026» atly sergi, maslahat, iş duşuşyklary, seminarlar we syýahatçylyk gezelençleri geçirildi.