Turkmenportal logo
Düýn 17:29
1613016130
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmengaz» we «CNPC» «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryny abadanlaşdyrmak boýunça şertnama gol çekdiler

Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäginde «Galkynyş» käniniň özleşdirilmeginiň IV tapgyryny ulanyşa doly taýýar görnüşinde amala aşyrmak boýunça şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminama «Türkmengaz» DK-niň başlygy Maksat Babaýew hem-de «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasynyň başlygy Du Ýuýmin tarapyndan gol çekildi.

«Galkynyş» gazy käni dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolup, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Onuň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen-hytaý uzakmöhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň çäginde amala aşyrylýar.