Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Merkezi Aziýanyň telekeçi zenanlary 28 — 29-njy maýda Russiýanyň Krasnoýarsk ülkesinde geçiriljek işewür zenanlaryň halkara maslahatynda duşuşarlar. Bu barada «Howar» habarlar agentligi habar berdi.
Maslahatyň barşynda ählumumy derejede işewürligi ösdürmegiň innowasion ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem «Hanymlar telekeçilikde» III halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar.
Geçen ýyl bu çäre Krasnoýarsk ülkesinden, Russiýanyň sebitlerinden, Hytaýdan, Mongoliýadan, Gazagystandan, BAE-den we beýleki ýurtlardan işewür zenanlaryň 350-den gowragyny bir ýere jemledi. Çäräniň guramaçylary bolup, sebitiň söwda-senagat palatasy, Russiýanyň Zenanlar bileleşigi we Zenanlar işewürliginiň sebitara assosiýasy çykyş edýärler.