Marokkoda ýurduň iň beýik binasynyň – Mohammad VI diňiniň açylyş dabarasy boldy, oňa Patyşa Mohammad VI tabşyrygy boýunça mirasdüşer şazada Mulaý El-Hasan gatnaşdy. Bu barada ýerli «Yabiladi» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berýär.
Täze köpugurly binanyň beýikligi 250 metr bolup, onda 55 gat bar. Diňiň tutýan meýdany 100 müň inedördül metre deň hem-de Rabat we Sale ekiz-şäherleriň üstünden seleňläp görünýär. Bina häzirki zaman ekologik ulgamlar, şol sanda ýagyş suwuny gaýtadan işleýän ulgam, güýçli täsirli Gün panelleri bilen üpjün edilendir.
Mohammad VI diňiniň gurluşygy Bu-Regreg derýasynyň jülgesini abadanlaşdyrmak taslamasynyň çäginde gurlup, «Rabat – yşygyň şäheri, Marokkonyň medeniýet paýtagty» maksatnamasynyň möhüm ölekleriniň biri boldy. Diňde kaşaň myhmanhana, edara jaýlary, ýaşaýyş öýleri, Rabatyň we Saleniň mirasy obserwatoriýasy, söwda meýdançalary hem-de restoranlar ýerleşýär. Onda 36 lift ornaşdyryldy.
Diň «LEED Gold» we «HQE» halkara ekologik güwänamalaryny aldy we yklymda ikinji orny eýelemek bilen, Afrikanyň iň beýik binalarynyň sanawyna girdi. Onuň gurluşygy sekiz ýyl dowam etdi.