Turkmenportal logo
Düýn 09:23
78307830
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan sygyr köpeltmek üçin Belarusda ýer kärendesine alýar
Surat: daryo.uz

Özbegistanyň Kaşgaderýa welaýatynyň wekilçilikli topary Belarus Respublikasynyň Witebsk oblastynyň Braslawsk, Şumilinsk we Postawsk ýaly etraplarynda bolup, maldarçylyk toplumlarynyň hem-de söwda merkezleriniň işi bilen tanyşdylar. Bu barada «Daryo.uz» portaly habar berdi.

Saparyň dowamynda «Asl Yuksalish Savdo», «Muborak qorako‘lchilik» özbek kärnanalarynyň we Şumilinsk etrabynda ýerleşýän «Sirotinskiý» maldarçylyk fermasynyň arasynda geleşik baglaşyldy. Oňa görä, Özbegistan dört müň gektar ekin meýdanyny uzakmöhletli kärendesine alýar. «Sirotinskiý» maldarçylyk fermasynda giň möçberli taslama işe goýberiler, onuň birinji tapgyrynda iri şahly mallaryň bir müň başyny ýetişdirmek meýilleşdirilýär.

Syýahatçylygy ösdürmek boýunça ýurtlaryň turistik işewürleriniň arasynda tanyşlyk saparlaryny guramak barada ylalaşyldy.

Şeýle hem özbek telekeçileri her ýyl Belarusa gury iýmişleri, däne kösükli ekinleri, şeýle-de bakja önümlerini we üzüm eksport etmek barada ylalaşdylar.