Merkezi Aziýa we Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly hem-de howpsuz baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat edýär. Bu barada Fransiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Filipp Legliz-Kost Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, Brýusseldäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
«Fransuz diplomaty Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän konstruktiw başlangyçlary goldaýandygyny beýan etdi we Merkezi Aziýanyň hem-de Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly we howpsuz baglanyşdyryjy halka hökmünde ähmiýetini nygtady» diýlip, habarda aýdylýar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky strategiki sebitara hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda amaly taýdan öz beýanyny tapmalydygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň ilçisi ýurduň özüni ynamdar, durnukly we jogapkärli sebitara baglanyşyk giňişliginiň bir bölegi hökmündäki ornuny berkitmäge gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barýandygyny belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda durnukly gatnaşyklary ösdürmäge amaly goşant goşulýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda energetika, möhüm çig mal serişdeleri hem-de howa gün tertibi ýaly häzirki zaman ugurlar boýunça pikir alyşmalar hem geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini we ýokary derejedäki konstruktiw dialogyň bardygyny nygtadylar.
Duşuşygyň netijesinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy, şeýle hem Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogy berkitmäge gönükdirilen türkmen tarapynyň başlangyçlaryna goldaw beýan edildi.