14-nji aprelde Halkara söwda merkezi Aşgabatda Türkmenistanyň dokma we tikinçilik biznesiniň wekilleri üçin seminar geçirdi. Çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» atly taslamanyň çäklerinde guraldy. Oňa kiçi we orta telekeçiligiň 29 wekili gatnaşdy.
Gatnaşyjylar ÝB-niň dokma we egin-eşik bazarynyň häzirki zaman meýilleri, «Ýewropa ýaşyl kursy» kontekstinde durnukly önümçilik ulgamyndaky talaplar, sertifikasiýa standartlary we ýewropaly satyn alyjylaryň garaşyşlary bilen tanyşdylar. Aýratyn bölümçeler «Bahar-Tomus 2027» möwsüminiň meýillerini hasaba almak bilen, möwsümleýin toplumlary kemala getirmäge, assortiment meýilleşdirilişine, wizual merçandaýzinge we brendiň abraýyny ýokarlandyrmaga bagyşlandy.
Mundan başga-da, maksatnama halkara pudaklaýyn sergilere, hususan-da, kompaniýalaryň öz önümlerini hödürläp we mümkinçilikli hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýup biljek Pariždäki «Who's Next» sergisine taýýarlyk görmek baradaky maslahatlary hem öz içine aldy.
ÝB-niň goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu taslama türkmen kiçi we orta kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de olaryň sebit hem-de ählumumy söwdasyna goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.