Turkmenportal logo
12.04.26
2041420414
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow: Hazar sebitinde harby hereketler düýbünden ýol berilmesizdir

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) ştab-kwartirasynda agentligiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşyk geçirip, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň yzysüre, bu ýerde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Gahryman Arkadaga Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly wakalar bilen bagly käbir sowallar bilen ýüzlendiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri sowallara jogap berip, soňky wagtlarda sebite golaý çäklerde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar babatda öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bolan Azerbaýjan, Gazagystan, Eýran we Russiýa bilen bilelikde 30 ýyldan-da köp wagtyň dowamynda yzygiderli hem-de açyk göwünli meýiller bilen Hazar hyzmatdaşlygyny ýola goýandygyna düşünmek gerekdigini, şu ýyllarda özara işleriň utgaşdyrylandygyny, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bilelikdäki üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip: «Netijede, 2018-nji ýylda ähli kenarýaka ýurtlar tarapyndan baş resminama — Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa gol çekildi. Resminamada Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we hoşniýetli goňşuçylyk giňişligi bolup durýandygy, bu ýerde Hazarýaka ýurtlardan beýleki döwletleriň harby güýçlerini ýerleşdirmegiň ýa-da işjeňliginiň gadagan edilýändigi aýdyň beýan edildi. Bu kesgitleme sebit howpsuzlygynyň esas goýujy bölegidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň serhetdeş Hazarýaka döwletiň çäklerine harby zarbalaryň urulmagyna biynjalyk bolmagy tebigydyr. Biziň ýurdumyz şeýle hereketleri doly ret edýär. Hazar sebitinde harby hereketler düýbünden ýol berilmesizdir» diýdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda teklip edilen Hazarýaka döwletleriň Bilelikdäki Beýannamasynyň taslamasyna dykgatly seredenden soň, ony goldamak barada karara geljekdigini, bu taslamada Ýakyn Gündogardaky harby gapma-garşylygyň Hazar sebitine ýaýramagynyň onuň düýpli güýçlenmegini aňladýandygynyň hem-de sebit howpsuzlygyna wehim salýandygynyň bellenilýändigini aýdyp: «Bu resminama biziň düýpli garaýyşlarymyzy, şeýle-de gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýandygymyz baradaky pikirimizi beýan edýär» diýip nygatdy.