Turkmenportal logo
11.04.26
1221312213
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan CAFA U17 çempionatynda Özbegistan bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy baş tälimçi Azat Muhadowyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) U17 çempionatynyň çäklerinde Özbegistanyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk Daşkent şäherinde geçirildi we 3:3 hasap bilen tamamlandy. Oýnuň iň gowy futbolçysy hökmünde türkmen futbolçysy Hudaýnazar Meredow yglan edildi.

Türkmenistan 20-nji minutda hasaby açdy. 36-njy minutda meýdança eýeleri hasaby deňlediler, emma arakesmä çenli myhmanlar ýene öňe geçdiler — oýnuň birinji ýarymy türkmen ýygyndysynyň peýdasyna 2:1 hasap bilen tamamlandy. 49-njy minutda özbek ýygyndysy ýene-de hasaby deňlemegi başardy. 59-njy minutda Türkmenistan ýene öňe geçdi — 3:2. 88-nji minutda meýdança eýeleri hasaby deňläp, oýnuň ahyrky netijesini kesgitlediler — 3:3.

Bu Türkmenistanyň ýygyndysy üçin CAFA-2026 çempionatyndaky üçünji oýun boldy. Ilkinji duşuşykda türkmen topary Täjigistanyň ýygyndysyndan 1:5 hasaby bilen utulypdy, ikinji oýunda bolsa Owganystanyň ýygyndysy bilen 0:0 hasaby bilen deňme-deň oýnady. Üç tapgyryň netijeleri boýunça ýaryş tertibinde 9 utuk bilen Täjigistan öňdeligi eýeleýär. Ondan soň Özbegistan (7 utuk), Gyrgyzystan (3 utuk), Türkmenistan (2 utuk) ýerleşýär, ýaryş tertibiniň soňky ornunda Owganystanyň topary (1 utuk) barýar. Ýaryşa bäş milli ýetginjekler ýygyndysy gatnaşýar we ýaryş bir aýlaw görnüşinde geçirilýär.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky oýny 13-nji aprelde geçiriler — şol gün Azat Muhadowyň ýolbaşçylyk edýän topary Gyrgyzystan bilen duşuşar (başlanýan wagty 14:00). Bu duşuşykda gazanyljak ýeňiş türkmen futbolçylaryna bürünç medallary eýelemäge mümkinçilik berer. Ýaryşyň ähli oýunlary CAFA-nyň resmi YouTube kanalynyň üsti bilen göni ýaýlymda görkezilýär.